PKK-ly 4 terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde öldürildi

Hakkaride PKK-a garşy howa hüjümi guraldy

800644
PKK-ly 4 terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde öldürildi

Hakkari welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-ly 4 terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan howa hüjüminde öldürildi.

Welaýat häkimliginden mesele hakynda berlen beýanatda Kyrykdag etrapçasynda 4 terrorçynyň bardygynyň anyklanylmagyndan soň ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen howa hüjümiň guralandygy we terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýanatda sebitde ýaragly güýçleriň gatnaşmagynda guralýan operasiýanyň hem dowam edýändigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar