Türkiýe saglygy goraýyş ulgamy taýdan uly öňe gidişlik etdi

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamy taýdan uly öňe gidişlik edendigini aýtdy

796845
Türkiýe saglygy goraýyş ulgamy taýdan uly öňe gidişlik etdi

Premýer ministr Ýyldyrym paýtagt Ankarada 300 tiz kömek ulagynyň paýlanyş dabarsyna gatnaşdy.

Binaly Ýyldyrym dabarada eden çykyşynda Türkiýäniň saglygy goraýyş pudagyna girizilen kanuny üýtgetmeler bilen uly öňe gidişligiň edilendigini belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Türkiýäniň 5 müňden gowrak tiz kömek ulagy, 3 uçary, 17 dik uçary bilen 4 gämi tiz kömegi bar” diýdi.

 



Degişli Habarlar