PKK-nyň adyndan Ýaponiýada pul ýygnaýan 1 adam tussag edildi
Aýralykçy terror guramasy PKK/KJK-nyň adyndan Ýaponiýada pul ýygnaýandygy öňe sürülen 1 adam Türkiýä gelen badyna tussag edildi
796312
Stambulyň içeri işler müdürliginden berlen beýanata görä PKK/KJK-a garşy guralýan operasiýanyň çäginde Ýaponiýadan terror guramasynyň adyndan pul ýygnaýandygy öňe sürülýän W. D Atatürk howa menzilinde saklandy.
Saklanan şahsyýetiň ýanynda 4 bilezik we gymmat bahaly birnäçe şaý-sep, 24 million 313 müň ýapon ýeni, 4593 dollar tapyldy.
Saklanan şahsyýet İçer işler müdürligindäki barlaglardan soň tussag edildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.