Türkiýe Yragyň territorial bitewiligine we kürtleriň hukuklaryna goldaw berýär

Çawuşogly Türkiýäniň Yragyň territorial bitewiligine we kürtleriň hukuklaryna goldaw berýändigini aýtdy

795635
Türkiýe Yragyň territorial bitewiligine we kürtleriň hukuklaryna goldaw berýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yraga guran resmi saparynyň çäginde Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen Erbil şäherinde duşuşdy.

Çawuşogly Türkiýäniň Yragyň territorial bitewiligine we kürtleriň hukuklaryna goldaw berýändigini aýtdy.

Çawuşogly sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegini isleýändiklerini nygtady we “Yragyň territorial bitewiligine goldaw berýäris. Kürt Awtanomiýasynyň we kürt doganlarymyzyň hukuklaryna hemişe goldaw berdik” diýdi.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Daşary işler ministri Çawuşogly Bagdatda Yragyň Prezident Fuad Masum, Premýer ministri Haýdar Al Abadi, Mejlisiň başlygy Selim Al Juburi bilen Erbil şäherinde bolsa Mesut Barzani bilen duşuşandygyny we duşuşyklarynda terror guramalary DAIŞ-e we PKK-a garşy göreş we referendum hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Türkiýäniň referenduma garşydygyny Mesut Barzana gürrüň beren Çawuşogly “Biz sebitde durnuklylyk we parahatçylyk isleýäris. Yragyň territoril bitewiligine goldaw berýäris. Kürt Awtanomiýasynyň we kürt doganlarymyzyň hukuklaryna goldaw berýäris” diýdi.

Çawuşogly referendumyň sebitiň asudalygyna we durnuklylygyna zeper ýetirjekdigini ýatlatdy.

Barzani bilen gepleşiklerinde terrora garşy göreş hakynda pikir alyşandygyny ýatladan Çawuşogly “Hem DAIŞ hem-de PKK bu ýerde diňe biziň üçin  howply däl eýsem ol biziň umumy duşmanymyzdyr. Yragyň halkynyň we hökümetiniň duşmanydyr. DAIŞ we PKK şol bir wagtda Kürt Awtanomiýasynyň duşmanydyr. Şol terror guramalaryna garşy birlikde göreşmelidiris”diýdi.

 



Degişli Habarlar