Terrora garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi ýurdyň içinde geçirilen operasiýalar bilen baglanşykly maglumat berdi

793691
Terrora garşy göreş dowam edýär

Soňky 1 hepdede ýurdyň öz içinde geçirilen 1176 aýry operasiýada terror guramasyna kömek beren 302 adam göz tussaglygyna alyndy, 27 terrorçy bolsa täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari, Bingöl, Tokat, Wan we Diýarbakyr welaýatlarynda terrorçylar tarapyndan ulanylan 12 gaçypatalga ýok edildi.

Operasiýalarda terrorçylara degişli granatamýotlar, agyr ýaraglar, köp mukdarda ok-däri we elde ýaslan partlaýjy maddalar ele salyndy.

Içeri işler ministrliginiň berýän beýanatyna görä Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşiň çäginde hem gurama bilen arabaglanşygy bolan 616 adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar