Türkiýe Ispaniýadaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem hüjümi ýazgaryp beýanat berdi

792118
Türkiýe Ispaniýadaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi "Terror zalym ýüzüni hyzmatdaş Ispaniýada görkezdi" sözleri bilen başladan beýanatynda ýogalanlaryň ýakyn hossarlaryna sabyr, ýaralanan adamlara bolsa şypa diledi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem hüjümi ýazgaryp beýanat berdi.

Ispaniýada terrorçylykly hüjüm 2004-nji ýylda guralypdy. Paýtagt Madritde 3 aýry otlynyň nyşana alynyp guralan hüjümde 131 adam ýogalypdy.

Waka şol wagt ýurdyň Bask sebitiniň halky bilen Fransiýada ýaşaýan asly Basklylar üçin garaşsyzlyk alyp bermek isleýän ETA guramasynyň iň ganly hüjümi hökmünde bellige alyndy.

Gurama 43 ýyl dowam eden göreşinden soň 2011-nji ýylda ýaraglaryny taşlapdy.
 



Degişli Habarlar