Soňky 1 hepde de PKK-a uly zarba uruldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýanyň çäginde soňky 1 hepde-de ikisi lider jemi 46 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

783730
Soňky 1 hepde de PKK-a uly zarba uruldy

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä, terrora garşy göreşiň çäginde iýul aýynyň 27-si bilen awgust aýynyň 3-i aralygynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy Hakkari, Şyrnak, Wan, Bingöl we Muş welaýatlarynda operasiýalar guraldy.

Operasiýalarda ikisi terror guramasy PKK-nyň liderlerinden jemi 46 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalarda şeýle hem köp sanly ýarag we partlaýjy maddasy ele geçirildi.

 



Degişli Habarlar