Erdogan Ýyldyz Hamidiýe metjidiniň açylyşynda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan dinini we medeniýetini bilýän nesilleri ýetişdirmekde tutanýerlidiklerini belledi

783948
Erdogan Ýyldyz Hamidiýe metjidiniň açylyşynda çykyş etdi

Stambulda Ýyldyz Hamidiýe metjidiniň açylyşynda çykyş eden Prezident Erdogan: "Dinimiziň alamaty bolan metjitlerimizi direldýäris. Biziň milletimiziň köki berkdir, özi berkdir, ruhy berkdir" diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda: "Ata-babalarymyz Haçly ýörişlerden bäri dowam edýän göreşiň gahryman nesilleri bolmak mertebesine laýyk boldylar. Şu günki günde hem ýurdumyza we milletimize hüjüm edýänler esasan hem bular ýaly ýerlerini nyşana alýarlar. Ýadyňyza düşýän bolsa 15-nji iýulda Ankara şäheriniň Gölbaşy etrabyndaky Ýöriteleşdirilen harby bölümindäki metjidimize we Beştepedäki Prezident kompleksindäki Millet metjidimize harby uçarlary bilen bombalandy. Stambulda sela okalan ençeme metjit huntaçylar tarapyndan od açyldy. Izmirde sela okalan wagty metjide we ol ýerde işleýän adamymyza hüjüm guradylar. Bularyň ählisi tötänlik däl. Azanlary okatmadan, baýdagymyzy aşak düşürmeden ýurdumyzy basyp alyp bilmejekdiklerini bilýänler, esasan hem bular ýaly ýerlerimizi nyşana alýarlar" diýdi.



Degişli Habarlar