Türkiýäniň serhetlerinde terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat berilmez

Milli Howpsyzlyk geňeşi Türkiýäniň serhetlerinde terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat berilmejekdigini mälim etdi

772625
Türkiýäniň serhetlerinde terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat berilmez

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty 6 sagat dowam etdi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ, aýralykçy terror guramasy PKK bilen Siriýadaky şahamçasy PÝD-ÝPG we DAIŞ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda milli howpsyzlyga abanýan howpa garşy hukuk kadalarynyň çäginde görlen çäreler bilen terroryň ortadan aýrylmagy üçin ýurduň içinde we daşary ýurtda alnyp barylýan göreşiň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Jarnamada käbir ýurtlaryň Siriýada PÝD-ÝPG terror guramasyna beren ýaragynyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň eline geçendigi hakynda duýduryş berildi.

Jarnamada Şweýsariýada geçirlen Kipr konferensiýasynyň netijeleriniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar