Erdogan Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän ýurtlara sapar gurar

Prezident R.T.Erdogan Katar meselesi sebäpli dartgynlaşan üç ýurtda saparda bolar

767671
Erdogan Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän ýurtlara sapar gurar

Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen G20-niň maslahatyna gatnaşan Prezident Erdogan Türkiýä gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berýärkä Katar meselesi barada-da durup geçdi.

Erdogan maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren duşuşyklarynda iki lideriň hem Katar meselesiniň gepleşikler arkaly çözülmeginiň tarapynda durýandygyny beýan edendiklerine ünsi çekdi.

15-nji iýulda Fetullahçy terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň 1-nji ýylynda geçiriljek çärelerden soň Pars aýlagy sebitine sapar guramak isşeýandigini beýan eden Erdogan; “Sebite gurajak saparymyz bilen gepleşikleriň ýola goýulmagyna goşant goşup bileris. esasanda Katara, Kuweýte we Saud Arabystanyna gitmegi meýilleşdirýäris” diýdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň töwellaçylyk etjekdigini aýdýaňyzmy, diýlen soraga, ony Kuweýtiň alyp barýandygyny nygtap; “Kuweýtiň töwellaçylyk etmegini biz hem goldaýarys. Meniň nazarda tutýan zaedym taraplaryň arasynda dialogyň ýola goýulmagyna goşant goşmak” diýip jogap berdi.

Müsür, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri 5-nji iýunda terrora goldaw berýändigini öňe sürüp, Katar bilen gatnaşyklaryny bes edipdi, olaryň hataryna başga ýurtlar hem goşulypdy.



Degişli Habarlar