ABŞ-a degişli harby gämi Bosfor bogazyndan geçdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Harby flotyna degişli “USS Hue City” atly raketa göterijili kreýser Bosfor bogazyndan geçdi

767502
ABŞ-a degişli harby gämi Bosfor bogazyndan geçdi

Mermer deňizinden Bosfor bogazyna geçen harby gämi, soň bolsa Gara deňize tarap ugur aldy.

Harby gäminiň geçýän wagty Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň gaýyklary we Deňiz polis gullugy ýoldaşlyk etdi.

Gämide esgerleriň nobat tutandygy we ekipažynyň hem töwerege syn edendigi görüldi.


Etiketkalar: #Bosfor , #harby gämi , #ABŞ

Degişli Habarlar