Erdogan; “Ýurduň howpsyzlygy taýdan möhüm taslamalar dowam eder”

Erdogan bu beýannamany harby gäminiň ulanmaga berliş dabarasynda berdi

763622
Erdogan; “Ýurduň howpsyzlygy taýdan möhüm taslamalar dowam eder”

Prezident Erdogan Tuzlada Kynalyada Korwetiniň deňize düşürliş dabarasynda sözlän sözünde harby gämiler boýunça hususy pudakda we harby gämi gurluşyk werflerinde tamamlanan 14 taslamanyň bardygyny, geljekki ýyllarda şertnamasyna gol goýuljak ýene-de 10 sany taslamanyň bardygyny aýtdy.

Bu üstünlikleriň ählisiniň Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde ýüze çykýan howplara garşy deňizjilik pudagynda ýüze çykaran çözgütlerine berilýän ähmiýetiň görkezijidigini nygtan Erdogan; “Enşalla biz uçar gämimizem öndüreris. Ol hökman iş ýüzüne geçer” diýdi.

Prezident Erdogan 2023-nji ýylda goranyş senagatynda daşarky garaşlylygy dolulygyna ortadan aýyrmagy nazarda tutýan ýurt hökmünde, işleriň depgininiň hasam güýçlendirilmelidigini nygtady.

Erdogan Türkiýäniň häzirki wagtda dünýäde harby gämisini milli görnüşde dizaýn eden, öndüren we ulanmaga beren 10 ýurduň hatarynda orun alýandygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan; “Näme sebäpden bolsa bolsun, Türkiýäniň goranyş senagatyndaky başlangyçlaryň bökdelmegine ýol bermegimiz mümkin däl. Şeýle çemeleşenleriň garşysyna gönüden göni biz çykaryş. Ýurdumyz we milletimiz üçin işleýän, elbetde gazanç edýän, işiniň ussady, öndüriji, içgin telekeçilerimiz, biziň ähli firmalarymyzy goldaýandygymyzy bilsinler” diýdi.

 



Degişli Habarlar