1 hepde-de guralan operasiýalarda 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

761861
1 hepde-de guralan operasiýalarda 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştabdan berlen beýanatda iýun aýynyň 22-29-y aralygynda Şyrnak, Hakkari, Diýarbakyr, Bingöl we Siirt welaýatlarynda terror guramasyna garşy guralan operasiýalaryň dowam edendigi nygtaldy.

Şol operasiýalarda terror guramasynyň ýolbaşçylaryndan biridigi öňe sürülýän asly eýranly Ražhilat lakamly Behnam Sadikiniň ýaralanandygy we 60 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Operasiýalarda terrorçylar tarapyndan ulanylan 8 gaçybatalga we ammar bilen elde ýasalan 17 partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy. Köp sanly ýarag ele geçirildi.

Operasiýalarda bikanun ýollardan daşary ýurda gitmäge synanşan 4274 adam tussag edildi.

Soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 9 esger şehit boldy, 8 esger ýaralandy.

 

 



Degişli Habarlar