Premýer ministr Ýyldyrym Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň hormatyna agşam naharyny berdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Ankara gelen Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň hormatyna agşam naharyny berdi

761809
Premýer ministr Ýyldyrym Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň hormatyna agşam naharyny berdi

Premýer ministr Ýyldyrym myhman kärdeşi Orbany Çankaýa köşgünde dabaraly ýagdaýda garşylady.

Premýer ministr Ýyldyrym futbol bilen we Galatasaraý futbol komandasy bilen ýakyndan gyzyklanýan Wengriýanyň Premýer ministri Orbana Galatasaraýly türgenleriň goly bolan forma bilen topy sowgat etdi.

Özüniň hem Galatasaraýyň janköýeridigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym Wengriýanyň Premýer ministine ýüzünde “Wiktor Orban” diýlip ýazylan Galatasaraýyň formasyny sowgat etdi.

Çankaýa köşgünde berlen nahara Wise-premýer Weýsi Kaýnak bilen käbir ministrler gatnaşdy.

 

 



Degişli Habarlar