“Oruç Reis” nebit we gaz gözleği üçin Gara deňize çykdy

Türkiýäniň ýerlilik derejesi 90 göterimden geçýän seismiki barlag gämisi “Oruç Reis” nebit we tebigy gaz gözlegi üçin Gara deňizde işe girişdi

760936
“Oruç Reis” nebit we gaz gözleği üçin Gara deňize çykdy

Jemi gymmaty 400 million lira barabar bolan gämi bilen 1500 metre çenli çuňluk öwrenilip bilner.

Gäminiň toplan maglumatlary bilen gury ýerde deňiziň aşagyndaky yzgiderliligiň kesgitlenmegi arkaly deňiz giňişligi ýaly strategik ähmiýetli ylmy barlaglaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Boýy 86, giňligi 22 metre barabar bolan gämi, ýangyç we suw ammarlary bilen azyk ammary doly görnüşde 35 günüň dowamynda deňizde iş alyp baryp bilýär. 30 ýyl möhlet bilen ulanmaga amatly bolan gämide 28 ylmy barlagçy, 27 sanysysy deňizçi jemi 55 adam işleýär. Gämide 35 sany kamera bar.

 



Degişli Habarlar