Gündogar Gara deňizde suw guşlarynyň sanawy geçirildi

Gündogar Gara deňizde 26 826 guş suw guşy anyklandy

Gündogar Gara deňizde suw guşlarynyň sanawy geçirildi

"Samsun On dokuz maý” uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda Riza, Trabzon, Artwin äw Giresun welaýatlarynda “Gündogar Gara deňiz gyşyň ortasy suw guşy” sanawy geçirildi.

Sanaw suwly ýerlerde 15-nji ýanwar-15-nji fewral aralygynda geçirildi.

Tebigaty goramak we milli parklar edarasynyň işgärleri bilen “On dokuz maý” uniwersitetiniň Ornitologiýa ylmy-derňew merkeziniň işgärleriniň geçiren sanawynda guşlaryň görnüşleri we sanlary sanaldy.

Rizede guşyň 23 görnüşinden 6511-i, Trabzonda guşyň 18 görnüşinden 6165-i, Artwinde guşyň 16 görnüşinden 5775-si we Giresun welaýatynda 19 görnüşinden 8375-siniň bardygy anyklandy.


Etiketkalar: sanaw , Gara deňiz , suw , guş , uniwersitet , Samsun

Degişli Habarlar