Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katardan soň Kuweýde bardy

Katar krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edýän Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katardan soň Kuweýde bardy

753374
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katardan soň Kuweýde bardy

Ertiriň irki sagatlarynda Kuweýde baradan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Kuweýdiň Daşary işler ministriniň Ýewropa işlerinden jogapkär orunbasary Walid Al Kobaizi tarapyndan garşylandy.

Mewlüt Çawuşgoly resmi gepleşikleriniň öňüsyrasynda ilki  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.

Çawuşogly soň bolsa Kuweýdiň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Şyh Sabah Halid Al Hamad Al Sabah bilen duşuşdy.

Çawuşogly Pars aýlagyndaky Arap ýurtlarynyň Katara goýan embargosynyň ortadan aýrylmagy üçin başladan Ýakyn Gündogar saparynyň çäginde ertir hem Saud Arabystanynda Şa Salman bilen duşuşar.



Degişli Habarlar