Bahreýniň Daşary işler ministri Şeýh Halife şu gün Ankara geler

Bu barasynda Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada aýdylýar

749586
Bahreýniň Daşary işler ministri Şeýh Halife şu gün Ankara geler

Ministrlikden berilen beýannamada Şeýh Halid Bin Ahmed Al Halyfanyň Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşjakdygy we duşuşyklarda sebitdäki soňky wakalar barada pikir alyşyljakdygy habar berilýär.

Bahreýn hepdäniň başynda Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes eden ýurtlardan biri.

Prezident Erdogan Katara goýlan sanksiýalaryň ýerliksizdigini we Türkiýäniň Katar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge dowam etjekdiklerini beýan edipdi.

Erdogan dartgynlygyň dialog arkaly çözülmegi üçin telefon arkaly gepleşiklere başlapdy.



Degişli Habarlar