Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny düýn hem dowam etdirdi

Erdogan Katar meselesinde emele gelen dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla edýär

747193
Prezident  Erdogan telefon diplomatiýasyny düýn hem dowam etdirdi

Prezident R. T. Erdogan Arap Ýarymadasynda Katar meselesinde emele gelen dartgynlygyň çözülmegi maksady bilen telefon diplomatiýasyny düýn hem dowam etdirdi.

Prezident Erdogan düýn Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Indoneziýanyň Prezidenti Žako Widodo, Bahreýiniň Şasy Hamad Bin Isa Al Halife, İýordan Şasy Abdullag II-nji, Liwanyň Premýer ministri Saad Hariri we Malaýziýanyň Premýer ministri Nejip Tun Abdürrezzak bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliklerinde sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň dialog we diplomatiýa arkaly çözülmelidigini ýatladan Prezident Erdogan, dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýe hökmünde uly tagalla etmäge taýardyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan Katar meselesinde öňňin hem Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Sabah we Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

 



Degişli Habarlar