Prezident Erdogan Katar dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy bilen telefon diplomatiýasyny dowam etdirdi

Prezident R. T. Erdogan Arap Ýarymadasyndaky Katar dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy bilen telefon diplomatiýasyny dowam etdirdi

746400
Prezident Erdogan Katar dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy bilen telefon diplomatiýasyny dowam etdirdi

 

Prezident Erdogan Katar dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin Kataryň Emiri Şyh Al Sani, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kuweýdiň Emiri Şyh Al Sabah we Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliklerinde sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ähmiýetine üns çekildi we dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin  diplomatik tagallalaryň we gepleşikleriň dowam etdirilmelidigini bellenildi.

Prezident Erdoganyň Katar dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin gepleşiklerini dowam edirjekdigi ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen beýanatda “Liderler Pars aýlagynda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagy maksady bilen degişli taraplara dialog çagyryşyny berdi” diýildi.

Beýanatda iki lideriň Siriýa meselesindäki tagallalarynyň hem dowam etjekdigine üns çekildi.

 



Degişli Habarlar