Diýarbakyrda terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýa dowam edýär

Narko terrorizme garşy göreşiň çäginde jemi 109 kilogramlyk neşe maddasy tapyldy

742341
Diýarbakyrda terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýa dowam edýär

Diýarbakyrda terror guramasy PKK-a garşy 104 obada  howpsyzlyk güýçlerinden 10 müň 73 adamyň gatnaşmagynda guralýan “Baýrak-54 şehit kapytan Fuat Oguzjan” operasiýasy dowam edýär

Welaýat häkimliginden berlen beýanatda 6 etrapda we 104 obada guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde PKK-ly terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi, terror guramasy PKK bilen neşe maddalaryny öndürýänler bilen satýanlaryň arasynda arabaglanşygyň subut edilmegi, terror guramasyna goldaw berýän şahyslaryň tussag edilmegi maksady bilen 28-nji maýda başladylan giň gerimli operasiýanyň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýanatda operasiýanyň çäginde häzire çenli terrorçylara degişli gaçybatalganyň hatardan çykarlandygy, Narko terrorizme garşy göreşiň çäginde hem jemi 109 kilogramlyk neşe maddasynyň tapylandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar