Agry welaýatynda PKK-a agza 29 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Agry welaýatynda Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen topary tarapyndan aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada 29  terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

739609
Agry welaýatynda PKK-a agza 29 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Wan welaýatynyň Tendürek Dagy diýilen ýerinde terrorçylaryň sürüjileriň ýoluny kesip, olaryň ulaglaryny ýakmaga başlamagy sebäpli operasiýa başladylypdy. Sebitde terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 esger we 1 goragçy şehit bolupdy, 4 esger bolsa ýaralanypdy.

Bu çaknyşykdan soň howpsyzlyk güýçleri terrorçylaryň yzyny ýitirmedi.

Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen topary tarapyndan aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada 29 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynyň Koçtepe diýilen ýerinde geçirilen operasiýada terrorçylar bilen ýaragly çaknyşyk boldy.

Ol çaknyşykda bolsa 1 esger şehit boldy, 2 terrorçy bolsa täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Yragyň demirgazygyndaky Metine sebitine guralan howa hüjümlerinde bolsa hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelik bilen Agry, Hakkari welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar