Türkiýäniň Prezidenti ýewropaly liderler bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde Ýewropanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi

739320
Türkiýäniň Prezidenti ýewropaly liderler bilen duşuşyk geçirdi

Şol çäkde Prezident Erdogan galýan myhmanhanasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

45 minut dowam eden we metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Erdogan Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklaryň çägindede duşuşyklar geçirýär.

Türkiýäniň Prezidenti ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyklarda Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary ele alyndy.

Erdogan ondan soň Ýewropa Parlamendiniň başlygy Antonio Tažani bilen hem duşuşar.

Ol duşuşykdan soň NATO-nyň täze ştabyna geçjek Erdogan döwlet we hökümet baştutanlarynyň hormadyna beriljek respsiona gatnaşar.

Resepsinondan soň Erdogan ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirer.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan ilki Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meýi, ondan soň bolsa Germaniýanyň federal Kansleri Angela Merkeli kabul eder.

Maslahata gatnaşjak liderler agşam naharynda hem jemlenişerler.



Degişli Habarlar