“ABŞ-nyň ýalňyşdan iň tiz wagtda dänmegi möhüm”

Erdogan Kuweýt saparyndan gaýdyp gelýärkä uçarda wajyp beýanatlar berdi

729965
“ABŞ-nyň ýalňyşdan iň tiz wagtda dänmegi möhüm”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-e agyr ýaraglar beren ABŞ-nyň ýalňyşdan iň tiz wagtda dänmediniň möhümdigini belledi.

PKK/ÝPG-e agyr ýaraglar bermek barada karar kabul eden ABŞ-na nägilelik bildiren Erdogan: “Ýakyn Gündogarda Türkiýesiz bir karar berilmeli däl. Eger Türkiýe bilen maslahatlaşylman käbirleri karar kabul edýän bolsa jogabyny hem ykdysady hem-de adam ýitgileri bilen berýär” diýdi.

ABŞ-nyň Türkiýäniň aladalaryny aýyrarys sözleri bilen baglanşykly bolsa Erdogan: “Bular sözler bilen bolmaýar. Bularyň ählisini NATO maslahatynda gün tertibe getireris, bulary ABŞ saparynda hem ara alyp maslahatlaşarys. Gepleşmelidiris. Sebäbi biz biri-birimize düşünmäge mejbur” diýdi.

Erdogan gerek bolsa Türkiýä garşy terror howpyny ýeke özüniň ýok etjekdigini habar berdi.

Fransiýanyň Prezidenti wezipesine Emmanuel Makronyň saýlanmagyndan soň Makrony gutlandygyny bellän Erdogan: “Telefon söhbetdeşliginde mende dörän täsir örän oňyndy. Häzirki wagtda öňümizde Brýussel bar, ol ýerde duşuşyk geçireris. Ondan soň G20 maslahaty bar, ol ýerde hem duşuşarys. NATO-da duşuşyk geçirmegi özi teklip etdi, Makron Brýusselde ikiçäk duşuşyk geçirmekden hoşal boljakdygyny belledi” diýdi.



Degişli Habarlar