Stambulda täze ýyl gijesi guralan hüjüm bilen baglanşykly aýyplaýyş akt taýarlandy

Täze ýyl gijesi Stambul şäherini gana bulan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly prokuraturanyň aýyplaýyş akty taýarlandy

728900
Stambulda täze ýyl gijesi guralan hüjüm bilen baglanşykly aýyplaýyş akt taýarlandy

Stambul Respublikan prokuraturasy Ortaköý etrapçasyndaky gijeki klublaryň birinde guralan we 39 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly aralarynda hüjümi guran Abdulgadir Maşaripow hem bolan 51-i tussag astynda bolan 57 adam baradaky aýyplaýyş aktyny taýarlady.

Aýyplaýyş aktynda hüjümi guran Maşaripowyň 40 gezek aýry agyrlaşdyrylan ömür boýy azatlykdan mahrum edilmek we 2397 ýyl azatlykdan mahrum edilmek bilen jezalandyrylmagy islendi.

 



Degişli Habarlar