Bekir Bozdag Güleniň wagtlaýyn tussag edilmegini isledi

Bekir Bozdag Amerikaly kärdeşi Jef Seşins bilen duşuşdy

728315
Bekir Bozdag Güleniň wagtlaýyn tussag edilmegini isledi

Adalat ministri Bekir Bozdag Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda saparda boldy.

Bekir Bozdag Amerikaly kärdeşi Jef Seşins bilen duşuşdy.

Adalat ministrliginde bolan duşuşyk 45 minut dowam etdi.

Duşuşykda Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bekir Bozdag kärdeşinden Güleniň wagtlaýyn tussag edilmegini we Güleniň delosynyň gysga wagtda kaziýete berilmegini isledi.

Bozdag- Seşins duşuşygy hakynda berlen ýazmaça beýanatda duşuşygyň netijeli geçendigi nygtaldy.

16-17-i-nji maýda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Waşingtonda duşuşjak Prezident Erdoganyň gün tertibinde hem FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi meselesi esasy orun eýelär.

 



Degişli Habarlar