TRT-den hormatly dynç alyşa çykan terjimeçi-diktor Osman Erkan wepat boldy

1980-nji ýylda TRT-de işe başlan Osman Erkan uzak ýyllaryň dowamynda TRT-niň Daşary ýurt diller departamentinde işledi

725240
TRT-den hormatly dynç alyşa çykan terjimeçi-diktor Osman Erkan wepat boldy

Türkiýäniň Sesi Radiosynda işlän Erkan daşary ýurtlarda TRT-äni diňleýänleriň ýakyndan tanaýan seslerinden biridi.

Osman Erkan alyp baran habarlar gepleşikleri bilen birlikde terjime eden ençeme gepleşiklerini we dokumental filmi seslendirdi.

TRT 2 kanalynda-da uzak ýyllaryň dowamynda iňlis dilindäki habarlary alyp baran Erkan 30 ýyldan gowrak iş durmuşyndan soň iňlisçe redaksiýasynyň redaktoryka 2014-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykdy.

69 ýaşynda dünýeden öten Erkan 4-nji maýda günorta namazyndan soň okaljak jynaza namazynyň yzy süre Stambulyň Zinjirlikuýu gonamçylygynda jaýlanar.



Degişli Habarlar