Türkiýäniň Prezidenti Erdogan daşary ýurtlara sapar gurar

Prezident Erdogan Türkiýeden Hindistana 7 ýyl arakesmeden soň Prezident derejesinde ilkinji saparyny guramaga taýarlanýar

722560
Türkiýäniň Prezidenti Erdogan daşary ýurtlara sapar gurar

Prezident wezipesi bilen ilkinji gezek Hindistana barjak Erdogan 30-njy aprelde başlajak we 2 gün dowam etjek saparyň ilkinji gününde Türkiýe-Hinidistan işewürler forumyna gatnaşar.

Erdogan saparynyň çäginde kärdeşi Pranab Mukerji, Wise-prezident Hamid Ansari we Premýer ministr Nerandra Modi bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda 3-nji maýda Russiýanyň Soçi şäherine barar.

Berilen beýanatda iki lideriň Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşjakdyklary habar berildi.

Beýanatda Erdogan we Putiniň Siriýa krizisini, terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygy, sebitlein we global meseleleri ele aljakdyklary mälim edildi.

 



Degişli Habarlar