Binali Ýyldyrym: “FETÖ/PDÝ global bir terror guramasy” diýdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň global bir terror guramasydygyny nygtady

721602
Binali Ýyldyrym: “FETÖ/PDÝ global bir terror guramasy” diýdi

Binali Ýyldyrym Türkiýe-Afrika Oba-hojalyk ministleriniň I maslahaty we Oba-hojalyk işewürler forumynda çykyş etdi.

Premýer ministr Ýyldyrym:FETÖ/PDÝ global bir terror guramasydyr, 160-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar. Olaryň halkara imperial guramalar bilen hyzmatdaşlyk içindedigi şu günki gün syr däldir” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “Afrika ýurtlarynyň aglabasy bu hyýanatçy FETÖ/PDÝ terror guramasyna degişli mekdepleri, guramadyr-edaralary ýapýarlar. Şol sebäpli bu guramanyň işlerine garşy ýurduňyzda çäre görmege gijä galsaňyz şol howp siziň hem başyňyza gelip biler” diýdi.



Degişli Habarlar