ÝGPM Türkiýäniň “syýasy gözegçilik” tapgyryna degişli etdi

ÝGPM-niň Türkiýäni syýasy gözegçilik astyna almak baradaky kararyna Ankara berk reaksiýa bildirdi

720232
ÝGPM Türkiýäniň “syýasy gözegçilik” tapgyryna degişli etdi

Daşary işler ministrligi Ýewropa Geneşiniň Parlamentarlar Mejlisiniň kararyna: “ÝGPM-niň Baş Assambleýasynda düzgünlere bap gelmeýän häsýetde syýasy düşünjeler bilen kabul edilen bu ýerliksiz karary berk ýazgarys” diýmek bilen garşylyk görkezdi.

Ministrlikden berilen beýannamada; “Gözegçilik karary Türkiýänin agdarlyşyk synanşygyndan soň Ýewropa Geňeşi bilen üznüksiz häsýetde alyp baran netijeli hyzmatdaşlygyny ünsden düşürdi” diýilýär.

“Çetleşdiriji karar syýasy operasiýadyr. Karar FETÖ ýaly terror guramalarynyň bähbidine gulluk eder” diýilýän beýannamada, kararyň ÝB-niň başarnyksyzlygyny görkezýändigi nygtalýar.

Beýannamada; “Türkiýe ÝGPM-de şu karary kabul eden parlamentarlary ilki bilen parasatlylyga, soň bolsa durnukly çemeleşip, dünýäniň umumy derdi bolan terror howpyna garşy göreşmek üçin bilelikde çäreler görmäge, ýaýbaňlanýan daşary ýurtly duşmançylygy, rasizm we İslamafobiýa ýaly meselelere garşy içgin göreşmäge, migrasiýa we bosgun dolanşygy boýunça adam hukuklaryna sarpa goýýan jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrýar” diýilýär.

ÝGPM-niň kararyna Prezidentiň baş geňeşçisi Bülent Gedikli hem berk reaksiýa bildirdi.

Bülent Gedikli; “Bu syýasy operasiýadyr. Esasan ÝB-ne syýasy gözegçilik edilmeli edilmeli” diýdi.

ÝGPM-däki “Türkiýede demokratik guramalaryň işleýişi” temaly maslahatyň ahyrynda geçirilen sese goýulşykda Türkiýäniň 2004-nji ýylda çykan gözegçilik tapgyryna yza dolanmagy baradaky taslama ses berildi.

Şeýlelikde Türkiýe 1996-njy ýylda giren we 2004-nji ýylda çykan syýasy gözegçilik tapgyryna ýaňadandan kabul edildi.

Karara 45 garşy, 113 kabul sesi berildi. 12 parlamentar bolsa ses bermekden saklandy.



Degişli Habarlar