Soňky bir hepdäniň dowamynda 66 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Soňky 1 hepdäniň dowamynda geçirilen terrora garşy operasiýalarda terror guramasy PKK-a agza 66 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

719259
Soňky bir hepdäniň dowamynda 66 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi 17-24-nji aprel aralygynda geçirilen terrora garşy operasiýalar barada beýanat berdi.

Beýanata görä ýurdyň öz içinde geçirilen operasiýalarda 53-i öli ýagdaýda, 8-i howpsyzlyk güýçlerine boýun egmek bilen, 5-si diri ýagdaýda bolmak bilen PKK-a agza jemi 66 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

PKK-a goldaw bermek bilen aýyplanýan 185 adam we terror guramasy DAIŞ bilen aragatnaşykda bolan 47 adam göz tussaglygyna alyndy.

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna garşy geçirilen operasiýalaryň çäginde 1015 adam, çepçi terror guramalary bilen aragatnaşykda bolan 26 adam tussag edildi.



Degişli Habarlar