Türk wekiliýeti Moskwada saparda bolýar

Wise-premýer Mehmet Şimşegiň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet Russiýa tarapyndan goýlan ykdysady çäklendirmeleriň aýrylmagy boýunça rus resmileri bilen gepleşik geçirdi

715873
Türk wekiliýeti Moskwada saparda bolýar

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň hem degişli bolmagynda Şimşegiň ýolbaşçylyk etmegindäki türk wekiliýeti Russiýanyň Wise-premýeri Arkadiý Dwarkowiçiň ýolbaşçylyk etmegindäki rus wekiliýeti bilen goýlan ykdysady çäklendirmelerin aýrylmagy barada pikir alyşmak üçin düýn Moskwada maslahat geçirdi.

Şimşek maslahatdan son Twitter arkaly Russiýa sapary barada garaýyş beýan etdi.

Wise-premýer Şimşek; “Moskwada netijeli maslahat geçirdik. Ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Maý aýynyň başynda ýaňadandan maslahatlaşyp, gysga möhletde çözgüt taparys” diýdi.

Şimşege Moskwa saparynda ýoldaşlyk edýän Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji hem Twitter arkaly; “Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzyň hakyky potensialyna göterilmegi üçin Moskwa geldik” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar