Terrorçylara garşy operasiýalar giň-gerimli dowam etdirilýär

Howpsyzlyk güýçleri ýurtda 10-17-nji aprel aralygynda geçiren operasiýalarynda 9-y öli, 2-si diri, 4-i özleriniň boýun egmegi netijesinde jemi 15 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

714576
Terrorçylara garşy operasiýalar giň-gerimli dowam etdirilýär

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä soňky 1 hepdäniň dowamynda terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde 348 aýry operasiýa geçirildi.

Operasiýalarda terror guramalaryna goldaw beren 711 adam, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 170 adam, Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna garşy göreşiň çäginde 1651 adam, çepçi terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde bolsa 10 adam göz tussaglygyna alyndy.

Operasiýalaryň barşynda 9-y öli, 2-si diri, 4-i özleriniň boýun egmegi netijesinde jemi 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Batman, Bitlis, Diýarbakyr, Mardin, Wan we Bingöl welaýatlarynda terror guramalaryna agza terrorçylar tarapyndan ulanylan 44 gaçypatalga we gowak bilen birlikde elde ýasalan 20 partlaýjy we mina ýok edildi.

Terror guramalarynyň maliýe çeşmelerine garşy hem 73 welaýatda 590 aýry operasiýa geçirildi.

Bikanun geçişlere garşy geçirilen operasiýanyň çäginde bolsa 445-i deňizde bolmak bilen jemi 4151 adam, we olara guramaçylyk eden 65 adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar