"Geçirilen operasiýalarda 11 müňe golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan geçirilen operasiýalarda 11 müňe golaý terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi

712225
"Geçirilen operasiýalarda 11 müňe golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Prezident Erdogan Ordu Respublika meýdançasynda çykyş etdi. R.T. Erdogan: "Terror guramalaryny ýok etmek üçin ähli taraplaýyn göreşe başladyk. Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy, PKK, DHKP-C ýaly guramalaryň nyşana alynan operasiýalarda hiç kimiň gözüniň ýaşyna seretmedik, seretmerisem. Siriýada möhüm bir operasiýa başlatdyk. Ýewfrat galkany operasiýasy hukugymyzy gözlän operasiýamyzdyr. Meýdanda bolan Türkiýe gepleşikler taýdan hem has güýçli ýagdaýa geldi" diýdi.

 


Etiketkalar: #Ordu , #Erdogan , #meýdan , #operasiýa

Degişli Habarlar