Türkiýäniň Daşary işler ministri Siriýa babatynda duýduryş berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň hökümediniň entegem himiki ýarag ulanmak mümkinçiligine eýedigini belledi

710063
Türkiýäniň Daşary işler ministri Siriýa babatynda duýduryş berdi

G-7 maslahaty üçin Italiýa giden Çawuşogly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Siriýanyň häzirki hökümedi bilen ýoluny dowam etdirip bilmejekdigini bellän ministr Çawuşogly: “Asada bagly güýçleriň diňe himiki ýaraglar bilen dälde, taňk we beýleki ýaraglar bilen hem oppozisionerlere hüjüm guramagyny we bigünä adamlary öldürmegini bes etmeli. Gazanylan parahatçylyk ylalaşygyndan soň esasan hem Asada tabynlykdaky güýçler ylalaşygyň düzgünlerini bozýar” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly  ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň G-7 maslahatyndan soň Russiýanyň paýtagty Moskwa barjakdygyny ýatlatdy.

Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly: “Siriýanyň mundan beýläk bu hökümet bilen dowam edip bilmejekdigi äşgär. Wagtlaýyn hökümedi iň tiz wagtda durmuşa geçirmegimiz zerur. Terror guramalaryna garşy göreşimizi hem dowam etdirmelidiris. Öňümize çykyp biljek howplary hem ara alyp maslahatlaşdyk. Idlibe hüjüm gurap biljekdiklerini, oňa taýarlykly bolunmalydygyny belledik. Elimizdäki maglumatlara görä Asada bagly güýçler himiki ýarag ulanyp bilmek mümkinçiligine eýe. Asadsyz Siriýa üçin Russiýany yrmagymyz zerurdygyny belledik. Biz iň gowy çözgüdiň syýasy çözgütdigini nygtadyk” diýdi.



Degişli Habarlar