Çawuşogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Çawuşogly telefon söhbetdeşliklerinde Siriýadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy

709872
Çawuşogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary we Russiýa bilen Eýranyň Daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşogly telefon söhbetdeşliklerinde Siriýadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Siriýada bir tarapdan terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş dowam edýär, beýleki tarapdan bolsa asuda ilat uly ýitgi çekýär.

Siriýanyň hökümetiniň  asuda ilata garşy himiki ýarag ulanmagy sebäpli Amerikan flody Şaýrat howa bazasyny nyşana aldy.

Roketa hüjümi sebäpli ABŞ bilen Russiýanyň arasynda dartgynlyk emele geldi.

Siriýadaky soňky wakalar Milli Goranmak ministri Fikri Yşygyň gün tertibinde hem esasy orun eýeleýär.

Ministr Yşyk 13-nji aprelde penşenbe güni Amerikaly kärdeşi Jeýmis Mattis bilen Waşingtonda duşuşar.

Duşuşykda Rakkanyň DAIŞ-den saplanmagy meselesi seljerler.

 

 

 



Degişli Habarlar