PKK-a agza 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýada gurama degişli köp sanly ýarag we ok-däri ele geçirildi

706758
PKK-a agza 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynyň Çilekli obasynda terrorçylar tarapyndan ot açylmagy sebäpli operasiýa guraldy.

Operasiýada F-16 kysymly harby uçarlar tarapyndan guralan operasiýada 8 terrorçy ýok edildi.

Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda hem aýralykçy terror guramasyna garşy guralan operasiýada 6 terrorçy ýok edildi.

Operasiýada gurama degişli köp sanly ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Şyrnak welaýatynyň Akçaý we Bingölüň Genç etrabynda guralan operasiýalarda hem 2 terrorçy ýok edildi.

Operasiýalarda köp sanly harby enjam ele geçirildi.

Beýleki tarapdan Kilisde Siriýadan Türkiýä girmäge synanşan terror guramasy DAİŞ-e agza 1 terrorçy tussag edildi.

Terrorçy bilen birlikde 1,5 kilogramlyk partlaýjy maddasy ele salyndy.

 



Degişli Habarlar