Kurtulmuş TRT Habarda soraglara jogap berdi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Ankara guran saparynda Türkiýäniň öz howpsyzlygyna berýän ähmiýetiniň beýan edilendigini aýtdy

702889
Kurtulmuş TRT Habarda soraglara jogap berdi

TRT Habaryň ýaýlymyna gatnaşan Kurtulmuş Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ýlgamynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi barada-da ABŞ-na garaýyşlaryň beýan edilendigini nygtap: “Fetullah Güleniň Kanada we Günorta Afrika gitjekdigi barada maglumat bar” diýdi.

Nemes howpsyzlyk gullugy BND-niň ýolbaşçysynyň “Agdarlyşygyň aňyrsynda FETÖ-niň bardygyna ynanmadyk” diýen sözlerine reaksiýa bildiren Numan Kurtulmuş: “Ýagny, siziň ynanmagyňyz üçin 250 adamyň şehit bolmagy ýetmedimi? 250 müň adam şehit bolmalymydy?” diýdi.

Siriýa meselesiniň durnuksyz bolmagynda galýandygyny beýan eden Kurtulmuş; “Siriýanyň demirgazygynda terror döwletiniň gurulmagyna ýol berilmeli däl. “Ýefrat galkanynyň” birinji maksady Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagydy. İkinjisi Türkiýä abanýan howplaryň azaldylmagy. Üçünjisi bolsa sebiti howpsyzlaşdyryp, halkyň öýlerine dolanyp barmagyny üpjün etmek. Siriýada hem meýdanda hem-de stoluň başynda bolarys” diýdi.

Kurtulmuş gerek bolan halatynda sebitde täze operasiýanyň guralyp bilinjekdigini hem aýtdy.

Wise-premýer Kerkukdaky baýdak meselesinde bolsa berk garşylygyň görkezilendigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar