Ministr Arslan: Gadagançylyk kararyny ICAO-nyň garamagyna bereris

Türkiýäniň Ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan Siwas welaýatynda metbugat işgärlerine beren beýanatynda terroryň ähli ýerde torrodygyny belledi

698557
Ministr Arslan: Gadagançylyk kararyny ICAO-nyň garamagyna bereris

Ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan ABŞ-nyň we Britaniýanyň elektronik enjamlary bilen bagly alan gadagançylyk kararlaryna garşy haklaşmak ýaly niýetleriniň bolmandygyny belläp: “Terror her ýerde terrordyr. Bir howa menzilini terrora garşy göreşde aýry tutmak dogry däldir. Ine şol wagt adamlaryň kellesine başga zatlar geler. Bu işiň arkasynda başga maksatlaryň ýokdygyny umyt edýäris. Karary Halkara Raýat awiasiasy guramasy ICAO-nyň garamagyna bereris” diýdi.



Degişli Habarlar