Türkiýäniň Daşary işler ministri şenbe güni Gollandiýa gider

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ähli päsgelçiliklere garamazdan şenbe güni Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde türk raýatlar bilen duşuşjakdygyny mälim etdi

688666
Türkiýäniň Daşary işler ministri şenbe güni Gollandiýa gider

Mewlüt Çawuşogly Ankaranyň Keçiören häkimligi tarapyndan Ýunus Emre medeniýet merkezinde geçirilen “Täze konstitutsiýa Täze Türkiýe” atly konferensiýa gatnaşdy.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlaryň, garyndaş jemgyýetleriň Türkiýäniň daşarky syýasatynyň ähmiýet berýän ugurlaryň biridigine ünsi çeken Mewlüt Çawuşogly: “Soňky günlerde esasan hem Ýewropada käbir ýurtlar öz raýatlarymyz bilen duşuşmagymyza böwet bolýar. Hem raýatlyk bermeýärler, hem-de olary şeýdip zamun alýarlar” diýdi.

Bu ýagdaýyň adamzada, diplomatik gatnaşyklara, dostluga, adam hukuklaryna, hukugyň üstünligine, demokratik hukuklara we azatlyklara bap gelmeýändigini bellän Mewlüt Çawuşogly Gollandiýanyň diplomatik sypaýçylygy äsgermeýän pozisiýasyna garşy Türkiýäniň pozisiýasyny anyk ýagdaýda orta goýandygyny nygtady.

Daşary işler ministri Çawuşogly gollandiýaly kärdeşi Bert Koenders bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ol söhbetdeşlikden soň Gollandiýa sapary barada: “Şenbe güni ähli päsgelçiliklere garamazdan, rasist söýleýişlere garamazdan nesip bolsa Rotterdama gideris. Ol ýerdäki türk doganlarymyz bilen, türkler bilen duşuşarys. Biziň öňümize hiç kim böwet bolup bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar