Prezident Erdogan rus kärdeşiniň çakylygyna laýyklykda Moskwa bardy

Liderler Kreml köşkünde duşuşdylar

688988
Prezident Erdogan rus kärdeşiniň çakylygyna laýyklykda Moskwa bardy

Duşuşykdan ozal gysgaça beýannama beren Prezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilkinji nobatda Akkuýu atom energiýa bekedi we Türk akymy taslamasynyň çäginde güýçli ösýändigine ünsi çekdi.

            Putin bilen özara gatnaşyklar, sebitleýin meseleler barada-da pikir alyşjakdyklaryny beýan eden Erdogan, şol duşuşykdan son iki ýurduň hem sebitdäki pozisiýasynyň has-da güýçlenjekdigini nygtady.

            Russiýanyň Lider Putin bolsa; “Russiýa we Türkiýe soňky döwürde Siriýanyň başda durmagynda dünýädäki meseleleri çözmek üçin işjeň tagalla edýär. Russiýa we Türkiýe goranyş edaralary, howpsyzlyk gulluklary derejesinde netijeli we işjeň gatnaşyklar açdy. Rus we türk esgerleriniň arasynda şeýle ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýuljagyna hiç kim garaşmaýardy” diýdi.

            Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklarynyň gysga möhletde kadalaşmagyna kanagatlanma bildirip: “Şu formatdaky gepleşiklerimiziň soňkusyny köp ozal- 2014-nji ýylda ýalňyşmaýan bolsam- geçiripdik. Geçen döwürde köp sanly waka başdan geçirildi. Soňky döwürlerde bolsa Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryn ýurtlarymyzyn laýyk bolan derejesine göterilmegi üçin işjeň tagalla edýäris” diýdi.

            Putin, Russiýanyň Premýer ministri Dmitri Medwedewiň düýn Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen gepleşik geçirip, özara gatnaşyklar we ykdysadyýet pudagynda görülen çäreler we edilen başlangyçlar barada maglumat berendigini hem aýtdy.

            Türkiýe-Russiýa Ýokary Derejeli Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Maslahatyna we Putiniň öz hormatyna berjek resmi naharyna gatnaşjak Prezident Erdogan, son ylalaşyk, gol çekişlik dabarasyna we Putin bilen bilelikdäki metbugat ýygnagyna gatnaşar.

            Prezident Erdogan duşuşyklaryny tamamlap Türkiýä dolanyp geler.

Erdogan Moskwa guraýan saparynda Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar bilen 8 ministr ýoldaşlyk edýär.

 



Degişli Habarlar