Türkiýäniň Prezidenti YHG-nyň liderler maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi

Erdogan terror guramalarynyň Ýakyn Gündogardan sogrulyp aýrylmalydygyny belledi

682026
Türkiýäniň Prezidenti YHG-nyň liderler maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahatynyň açylyşynda çykyş edip: “Esasy wezipämiz Siriýa, Yrak we Ýemen ýaly ýurtlarda akýan gany duruzmak” diýip nygtady.

Prezident Erdogan çykyşynda mundan başgada Türkiýäniň energetika pudagyna berýän ähmiýetiniň üstünde durup geçdi we agza ýurtlary syýasy birlige çagyrdy.

Erdoğan: “Häzirki netijämiz mümkinçiliklerimizi ýeterlik derejede ulanmaýandygymyzy orta goýýar. Ýurtlaryň arasyndaky söwda kuwwadyň artmagy üçin howa, gur ýer we deňiz ýoly logistikasynyň hilini artdyrmalydyrys” diýip habar berdi.

Erdogan Türkiýäniň az diýip bolmajak derejede uly taslamalary durmuşa geçirendigini belläp, bu taslamalaryň sebitdäki beýleki ýurtlara hem bähbit getirjekdigini mälim etdi.

Erdogan ermenileriň Daglyk Garabagy basyp almagynyň kabul edilmejekdigini, bu meselä ünsli çemeleşiljekdigini belledi.

Türkiýäniň Prezidenti gurama agza ýurtlara ýöne ýere çäklendirilýän Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy bilen arkalaşygyň güýçlendirilmegine çagyrdy.

Erdogan düýn Yslamabatda Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýiniň liderleriň hormatyna beren agşam naharyna gatnaşdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen agşam nahary 1 sagat 30 minut dowam etdi.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ondan soň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Ýenede metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşyk takmynan 50 minut dowam etdi.

Prezident Erdogan düýnki programasynyň çäginde Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerifi kabul etdi.



Degişli Habarlar