Prezident Erdogan Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşdy

Iki kärdeş duşuşykda Siriýadaky soňky ýagdaý we terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş hakynda pikir alyşdy

682609
Prezident Erdogan Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşdy

 

Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň lider sammitine gatnaşýan Prezident Erdogan sammitiň çäginde geçirýän iki çäk duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji sammitiniň çäginde Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda Siriýadaky soňky ýagdaý we terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş hakynda pikir alyşdy.

Yslamabatdaky sammitiniň açylyşynda söz sözlän Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň köp sanly uly taslamalary durmuşa geçirendigini belläp, şol taslamalaryň sebitde ýerleşýän ýurtlar üçin hem peýdaly boljakdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar