Deniz Ýüjel “terror guramasynyň propagandasyny alyp barýändygy" sebäpli Stambulda tussag edildi

“Ady agzalýan karary garaşsyz türk kaziýeti kabul etdi. Karara nägilelik bildirip bilerler. Karar syýasy däldir”

682519
Deniz Ýüjel “terror guramasynyň propagandasyny alyp barýändygy" sebäpli Stambulda tussag edildi

Adalat ministri Bekir Bozdag nemes Die Welt gazetiniň Türkiýe žurnalisti Deniz Ýüjeliň tussag edilmegi kararynyň syýasy däldigini, karar garaşsyz türk kaziýetiniň kabul edendigini aýtdy.

Bekir Bozdag Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland bilen Fransiýada metbugata beren beýanatynda Deniz Ýüjeliň tussag edilmegi hakyndaky soraga jogap berdi.

Bozdag, “Ady agzalýan karary garaşsyz türk kaziýeti kabul etdi. Karara nägilelik bildirip bilerler. Karar syýasy däldir” diýdi.

Asly türk žurnalist Deniz Ýüjel öňin “terror guramasynyň propagandasyny alyp barýändygy we halky ýigrenje öjükdirýändigi sebäpli” Stambulda tussag edilipdi.

 



Degişli Habarlar