Türkiýede soňky bir hepdede 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Howpsyzlyk güýçleri ýurtda 20-27-nji fewral aralygynda aýralykçy terror guramasy PKK garşy 178 operasiýa geçirdi

680907
Türkiýede soňky bir hepdede 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýada PKK-a agza 18 terrorçy öldürildi, 2-si ýaraly, 4-i diri ýagdaýda ele salyndy, 12-si bolsa howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 66 terrorçy göz tussaglygyna alyndy.

Beýleki tarapdan Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna garşy göreşiň çäginde tussag edilen 855 adamyň 48-i tussag edildi.

Gündogar we Günorta-gündogar sebitlerdäki 8 welaýatda geçirilen operasiýalarda anyklanan 26 gaçypatalga ýok edildi.

Gizlenip goýulan elde ýasalan 17 partlaýjy we mina täsirsiz ýagdaýa getirildi, 90 kg plastik partlaýjy we partlaýjy ýasalanda ulanylýan 1210 kg madda, 87 sany granat, 24-i agyr we uzyn nilli ýarag bolmak bilen 42 ýarag ele salyndy.

Terror guramalarynyň maliýe çeşmelerine garşy ýurduň 72 welaýatynda 597 operasiýa geçirildi.  

Operasiýalaryň barşynda 1 tonna 114 kg marihuana, 122 kg geroin, 1 kg tirýek, 2 kg kokain, 5 kg metamfetamin, 5278 sany neşe tabletkasy, 1 713 233 sany bikanun satylan çilim we 1546 litr ýangyç ele salyndy.

Göz tussaglygyna alynan 788 adamyň 49-y tussag edildi.



Degişli Habarlar