Kandile guralan howa hüjümlerinde 27 terrorçy öldürildi

Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitine 22-nji fewralda guralan howa hüjümlerinde 27 terrorçy öldürildi

679341
Kandile guralan howa hüjümlerinde 27 terrorçy öldürildi

Türkiýäniň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanata görä 22-nji fewralda 14:30-15:15 sagatlar aralygynda Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitine Türkiýäniň Harby howa güýçlerine degişli uçarlar bilen hüjüm guraldy.

Howa operasiýasynyň netijesinde 3 aýry ýer nyşana alyndy.

Birnäçe wagt soň geçirilen anyklaýyş işlerinde aýralykçy terror guramasynyň 27 agzasynyň öldürilendigi anyklandy.



Degişli Habarlar