"Dünýäde şol bir wagtda 3 terror guramasyna garşy göreşýän başga ýurt ýok"

Ýyldyrym Türkiýäniň FETÖ/PDÝ, PKK we DAIŞ terror guramasyna garşy göreşýändigini aýtdy

679535
"Dünýäde şol bir wagtda 3 terror guramasyna garşy göreşýän başga ýurt ýok"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym dünýäde şol bir wagtda 3 terror guramasyna garşy göreşýän başga ýurduň ýokdygyny nygtap, Türkiýäniň bolsa Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ, PKK we DAIŞ terror guramasyna garşy göreşýändigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Prezidentiň kompleksiniň Medeniýet we kongres merkezinde Daşky gurşaw taslamalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda sözlän sözünde dünýäniň DAIŞ-e garşy göreşýän ýaly görünýändigini aýdan Binali Ýyldyrym; “Hakykatda bolsa göreşýän ýok. Türkiýe Ýefrat galkany operasiýasy bilen Al Baby terrorçylardan saplady. Ol ýerdäki ynsanlar gündelik durmuşlaryna dowam edýär” diýdi.

Türkiýäniň beýleki tarapdan 5 ýyldan bäri 3 million siriýaly ýer eýeçiligini edýändigini ýatladan Premýer ministr “ Munyň bilen çäkli däl. 5 ýylda Egeý adalarynda bikanun ýollardan daşary ýurda gitmäge synanşan 500 müň adamy halas etdik” diýip belledi.



Degişli Habarlar