Türkiýäniň Prezidenti Katara bardy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Pars aýlagy ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Katara bardy

672588
Türkiýäniň Prezidenti Katara bardy

Paýtagt Doha şäherinde Energetika we senagat ministri Muhammed Al Sada, Kataryň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Salim Mübarek Al Şafi, Türkiýäniň Katardaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok we ilçihananyň resmileri tarapyndan garşylanan Türkiýäniň Prezidenti Kataryň ozalky Emiri Şyh Hamad Bin Halife Al Sani bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan şu gün bolsa Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani tarapyndan garşylanar.

Türkiýäniň Prezidenti ilki ikiçäk soň bolsa toparara duşuşyk geçirek.

Sapar dekabr aýynda Trabzonda geçirilen Türkiýe-Katar ýokary derejeli strategik komitediniň 2-nji maslahatyndan soň guralýar.

Komitediň ilkinji maslahaty 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Kataryň paýtagty Dohada geçirilipdi.

Türkiýäniň Prezidentiniň Katar saparyna aýaly Emine Erdogan, Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan ýoldaşlyk edýär.


Etiketkalar: #Katar , #Doha , #sapar , #Trabzon , #komitet

Degişli Habarlar