“Bahreýn bilen bu geografiýada kysmatymyzam, gaýgymyzam bir”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Bahreýn bilen bu geografiýada kysmatymyzyňam, gaýgymyzyňam birdigini belledi

671335
“Bahreýn bilen bu geografiýada kysmatymyzam, gaýgymyzam bir”

Resmi sapar bilen Bahreýne baran Türkiýäniň Prezidenti Erdogan: “Bu geografiýada kysmatymyzam, gaýgymyzam bir. Bu topraklarda geçmişimizem, geljegimizem bir. Ol ýerlerde ýaşaýan doganlarymyzyň başyna gelenler, ertirki günde biziň başymyza gelmejekdigini aňlatmaýar” diýip belledi.

Prezident Erdogan Bahreýniň Premýer ministri Halife Bin Salman Al Halifeni we Bahreýniň mirazdar Şazadasy Salman Bin Hamad Al Halifeni kabul etdi.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen kabul edilşikler takmynan 1 sagat dowam etdi.

Prezident Erdogan kabul edilşikden soň Bahreýniň Premýer ministri Halife Bin Salman Al Halife bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Prezident Erdogan: “Etnik, dil, taýpa, reňk we messep sebäpli biri-birlerinden daşlaşan musulmanlar Siriýada, Yrakda, Liwiýada, Ýemende we ýenede ençeme ýerde biri-birlerini gyrýarlar. Arap we yslam medeniýetiniň gymmatlyklary bolan şäherleriň terror guramalarynyň, daşary ýurt güýçleriň wekilçilikli we gyrylyp maýdalanma söweşleriniň ýerine öwrülmegini hemmämiz bilelikde tomaşa edýäris. Bütin yslam dünýäsiniň hat-da adamzadyň geljegi üçin birlik bolmak we bilelikde bolmak zamananyň gelip ýetmegine köp wagt boldy. Goňşulary kemsidilip ýaşaýarka, şol bir dilde gürleýän, şol bir kybla başyny egýän  doganlarymyz ejir çekýärka, hiç bir ýurt, hiç bir jemgyýet diňe özüniň rahatlygyny, diňe özüniň geljegini pikir etmeli däl” diýip belledi.

Türkiýäniň Prezidenti: “Häzirki wagtda dünýäniň käbir ýerlerinde terror bilen yslamy bir ýerde goýýarlar. Bu ýerden ýenede seslenýärin, radikalizm bilen yslamy hiç kim bir ýerde goýmasyn. Sebäbi yslam radikallygy kabul etmez” diýdi.



Degişli Habarlar