"Prezident Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi netijeli geçdi"

Çawuşogly Siriýada Al Bab operasiýasyndan soňky Rakka operasiýa guraljakdygyny aýtdy

668216
"Prezident Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi netijeli geçdi"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýada Al Bab operasiýasyndan soňky Rakka operasiýa guraljakdygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly terror guramasy DAIŞ-iň Siriýadaky galasy hasaplanylýan Rakka guralmagy meýilleşdirilýän operasiýa hakynda Türkiýe-Saud Arabystany utgaşyklyk geňeşiniň maslahatyndan soň beýanat berdi.

Çawuşogly; “Biz sebitde ýerleşýän we  utgaşyklyk geňeşine agza ýurtlar hökmünde ýörite güýçlerimizden goldaw alyp bileris”diýdi.

Çawuşogly Prezident Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi hakyndaky habarlara hem jogap berdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly telefon söhbetdeşliginiň netijeli geçendigini aýratyn belledi.



Degişli Habarlar